Books
Books
Üç asyl we onuň delilleri
Bu kitap musulmanyň öwrenmegi wajyp bolan esasy başlangyç ýörelgeleri öz içine alýar: Allahy tanamak, Yslam dinini tanamak we Pygamberimiz Muhammedi ﷺ tanamak. Şeýle hem bu kitap Kuran we hadys delillerine esaslanyp, imany bina etmekde we ýagşy amal etmekde bu ýörelgeleriň ähmiýetini nygtaýar.
Namazyň okalyşy (gysgaça wideo)
Allah tagala ylym esasynda ybadat etmegimiz we namazy sütünleri hem-de şertleri bilen ýerine ýetirmek üçin, namaz okamagy iş üstünde öwredýän gysgaça gollanma. Namazyň okalyşy Eger namaz okajak bolsak, täretsizlikden we gusulsyzlykdan päklenmek hökmandyr. we awratymyzy örtýän arassa eşiklerde namaz okamalydyrys. Şeýle hem, bedenimiz we namaz okaýan ýerimiz nejasatlardan arassa bolmalydyr. Kybla bakýarys we öňümize sütre goýup namaz okamak sunnetdir.
Umranyň edilişi
Umranyň edilişi (iş ýüzünde öwredýän gysgaça beýany) Umra nähili edilýär? (Giňişleýin öwrediji wideo) Ihramdan başlap tä tahallula (ýagny, ondan çykmaga) çenli umra amallaryny tertip boýunça, ýönekeý we düşnükli usulda düşündirýän wideo. Wideony görüň we umraňyzy nädip ýeňil hem-de kemsiz berjaý etmegi öwreniň! Umra etmek isleýän her bir adam özüne bellenilen mikatdan ihrama girmek wajipdir. Mikatlar: "Pygamberimiziň ﷺ ýörite bellän ýerleridir". Haja ýa-da Umra niýet edenler hut şol ýerden ihrama girmelidirler. Kimde-kim Haj ýa-da Umra niýeti bilen olaryň birinden geçse, oňa şol ýerden ihrama…